BILIM

Talyplaryň birinji halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetiki institutynyň bazasynda teoretiki mehanika boýunda geçirilen talyplaryň birinji halkara internet olimpiadasy öz işini tamamlady. Intellektual bäsleşige Russiýa Federasiýasyndan, Azerbaýjandan, Ekwadordan, Eýrandan, Portugaliýadan, Wengriýadan, Hytaýdan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Rumyniýadan talyplar gatnaşdylar. Umumy ýigrimi töweregi ýurduň ýokary okuw jaýlaryndan talyplar gatnaşdylar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Umuman, gatnaşyjylar 135 baýrakly orunlary almak ugrunda bäsleşdiler. Olaryň 24-si birinji, 43-si ikinji we 68-si üçünji orunlardyr. Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmen talyplary 44 baýrakly orunlary eýelediler. Olaryň 12-si birinji we 16-sy ikinji orunlardyr.

Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar politehniki uniwersitetiniň talyby Çžunsin Ýan, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa fiziki-tehniki institutynyň talyby Mihail Kurillow we Türkmenistanyň Döwlet energetiki institutynyň talyby Abdulla Rejepow gowy netijeleri görkezdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: