Talyplaryň arasynda zehin bäsleşigi guraldy
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli agrosenagat
işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň Türkmenabat şäher
geňeşiniň Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Akyldar şahyryň edebi mirasy» atly zehin bäsleşigi geçirildi.
Beýik söz ussadynyň edebi mirasyny wagyz etmek, çeper döredijilik bilen
meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň
eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik
ýaly asylly ýörelgelere söýgi döretmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik üç
şertden ybarat bolup, täsirliligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlandy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat
birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.