BILIM

Talyplaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Ony institutyň halkara hukugy we deňeşdirme hukuk ylmynyň kafedrasy hem-de «Ýaş hukukçylar» kluby bilelikde ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli yglan edipdiler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň birinji ýyl talyby Medine Sopytaganowa onuň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ikinji orny şu uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň ikinji ýyl talyby Perman Kyýasow eýeledi. Üçünji orna Halkara gatnaşyklary institutynyň üçünji ýyl talyby Dilnoza Muhadowa mynasyp boldy.

Olara guramaçylaryň Hormat hatlary we «Nur Ýüpek» söwda belgisiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Ondan daşary Medine Sopytaganowa pul baýragyny we bäsleşigiň göçme kubogyny hem gowşurdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: