Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan welaýat ýörite sungat mekdebiniň, şeýle hem welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda gyş paslynyň aýratynlyklaryny suratlaryň üsti bilen wasp etmek boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlaryň döreden
eserlerine çeperçilik sungatynyň welaýatymyzdaky ussat wekillerinden ybarat
bolan eminler topary baha berdi. Iň gowy çeperçilik eserleriniň eýelerine bölümimiz tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Talyplaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi

17
Jan