BILIM

Talyplara baýraklar gowşuryldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan 19 ― 21-nji dekabr aralygynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän talyp ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky Döwlet bäsleşigi Türkmenistanyň taryhy, türken dili, rus dili, iňlis dili, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, ykdysadyýet, häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, inžener grafikasy, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, ekologiýa ýaly okuw dersleri boýunça geçirildi. Döwlet bäsleşigiň netijeleri boýunça ýokary okuw mekdepleriň talyplary 88 sany 1-nji orna, 181 sany 2-nji orna we 223 sany 3-nji orna mynasyp boldylar.
Ýeňiji bolanlaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem bar. Özleriniň zehinini we başarnygyny nobatdaky gezek subut eden talyplar bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlaryň birnäçesini eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: