Talyplar okuw tejribeligine girişdiler
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1 ― 4-nji ýyl talyplary şu günden ― 22-nji iýundan tomusky okuw tejribeligine girişdiler. Birinji, ikinji we dördünji ýyl talyplar institutyň binýadynda tejribelik geçýän bolsalar, üçünji ýyl talyplar tutuş okuw ýylynyň dowamynda öwrenenlerini Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerde we çagalar bakja-baglarynda özleşdirýärler.
Okuw tejribeliginiň meýilnamasyna görä, birinji we ikinji ýyl talyplaryň tejribeligi 5-nji iýula çenli dowam eder. Üçünji, dördünji ýyl talyplarymyz bolsa 12-nji iýula çenli tejribelik geçerler.
Her okuw ýylynyň dowamynda we ahyrynda geçirilýän bu tejribelikler biziň öwrenenlerimizi iş ýüzünde özleşdirmäge oňat mümkinçilik berýär. Munuň üçin halypa mugallymlarymyz hem ellerinden gelen tagallalary edýärler.