BILIM

Talyplar genetika boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary ýakynda Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan geçirilen genetika boýunça II internet bäsleşiginde öňdäki orunlaryň ikisine mynasyp boldular. Has takygy, bäsleşikde institutymyzyň talyplary Mähriban Merdanowa ikinji, Oguljennet Rahmanowa bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşikde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň talyplary genetika ugrundan bilimlerini görkezdiler. Oňa gatnaşanlara tematiki soraglar we meseleler berlip, olary çözmäge bolsa 90 minut wagt berildi.

Bäsleşik ýaşlaryň genetikanyň dürli ugurlaryny öwrenmäge höwesini artdyrmak, ýaş hünärmenleri ösümlikleriň, mallaryň tohumlarynyň we mikroorganizmleriň ştamplaryny gowulandyrmak hem-de täze ýokary öndürijilikli görnüşlerini almak ýaly işlere çekmek maksady bilen geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: