MEDENIÝET

Talyplar gadymy gala gezelenç etdiler

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Amul galasyna gezelenç guraldy. Bu çäräni Türkmenstanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurady.
Bu gezelenjiň dowamynda Amul galasynyň taryhy, bu medeni ojakda tapylan gadymy tapyndylar bilen baglanyşykly täsirli gürrüňler diňlenildi. Muzeýiň işgärleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyzyň medeni ojaklaryny ylmy taýdan öwrenmek, olaryň ähmiýetini tutuş dünýäde wagyz etmek ugrunda häzirki wagtda alnyp barylýan giň gerimli işler barada giňişleýin söhbet etdiler.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: