BIZE YAZYARLAR

Talyp ýüregimiň buýsanjy çäksiz

2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilidi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Türkmenistanyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary, hormatly ýaşulylar, jemgyýetçilik wekilleri, talyp ýaşlar
gatnaşdy.
Ýygnananlara ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunuň uludan toýlanyljakdygyny aýtdy.
Arakesmeden soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdi. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulnylmaga berildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we
welaýatlarda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan täze bilim ojaklarynyň birnäçesi ýaşlara gapylaryny giňden açdylar. Hormatly Prezidentimiz geljekde hem ýurdumyzda köp sanly döwrebap bilim edaralarynyň guruljakdygyny aýtdy. Munuň özi bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň barha rowaçlanýandygynyň alamaty. Mejlisiň karary bilen Lebap welaýatymyzyň çäginde Garabekewül etraby, Farap etraby, Döwletli etraplary döredildi. Lebaply ýaşulylaryň üçüsine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen at dakyldy. Lebap welaýatynda halkara derejeli onkologiýa merkeziniň düýbüniň tutuljakdygy barada hem
Prezident Serdar Berdimuhamedow aýratyn nygtady.
Bu Watanda ýaşap, bu Watanda ir bilen dogan güne salam berip Watanymyň geljegini ylym-bilim bilen ösdürjekdigime ynamym berkdir. Çünki bu Watanda ýaşlara okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri berýän Gahryman Arkadagymyz hem-de ýaşlara görelde, baş bolup durýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiz bar. Gelejege barýan bilimli gadamlara meniň hem ädimlerimiň goşulandygy üçin men bu Watanyň iň bagtyýar talyplarynyň biridirin.
Maňa bu buýsanjy beren, halkymyza ajaýyp ýaşaýyşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimdäki sagbolsunlarymyň çägi ýok. Goý Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun !

AMANOWA Aýgül,
S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.