Talyp gyzlaryň hünär bäsleşigi geçirildi
Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň kompýuter ulgamlarynda programirlemek hünäriniň birinji ýyl talyby Çemen Nurjumaýewa ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan geçirilen «Ezber elli gözeller» atly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşik welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi. Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyp gyzlar gatnaşdy. Bäsleşigiň dowamynda talyp gyzlar 3 şert boýunça ýagny, özlerini tanyşdyrmak, işdäaçar taýýarlamak we el işleri bilen özleriniň zehinini görkezip çykyş etdiler.
Bäsleşikde ikinji orny Lebap welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň aliýe we karz hünäriniň ikinji ýyl talyby Leýli Baýramowa bilen welaýat Ýörite sungat mekdebiniň fortepiano hünäriniň ikinji ýyl talyby Arzuw Begmyradowa eýeledi.
Türkmenabat Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň akuşer bölüminiň ikinji ýyl talyby Gülälek Batyrowa bilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň ikinji ýyl talyby Aýnur Jumanazarowanyň çykyşlary üçünji orna mynasyp görüldi.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.