JEMGYÝET

«Tallymerjende» owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär

Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynda sürüleriň 132-si bolup, olarda mallaryň 29400 baş sany bar. Häzirki wagtda dowarlar göwnejaý gyşladylýar. Ot-iým hem ýeterlik. Gyş üçin iki müň tonnadan gowrak iri baldakly ot taýýarlanylypdyr.
Maldarçylyk hojalygynda kärendeçi çopanlaryň 132-si zähmet çekýär. Olaryň ählisiniň hem bu ugurdan köpýyllyk baý iş tejribeleri bar. Kärendeçi çopanlar özlerine ynanylan işi gowy bilýärler. Olar gije-gündiz diýmän, yhlasly işläp, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar.
Maldarlar geçen ýyl her 100 ene goýundan 105 guzy almagyň hötdesinden geldiler. Olaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýan maksatlary hem belent. Şu ýyl baharda hojalyk boýunça 16510 ene goýundan guzy almaklyk göz öňünde tutulýar. Maldarlar meýilnamada görkezilen her 100 ene goýundan 95 guza derek 110 guzy almaklygy öz öňlerinde belent maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: