YKDYSADYÝET

«Tallymerjende» owlak-guzy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hojalykda häzirki wagtda 39 müň 702 baş dowar bolup, olar 126 çopana kärendesine berildi. Şu ýyl 20 müň ene goýnuň her 100-sinden meýilnamada göz öňünde tutulan 95 guza derek 100 guzy alnyp, meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Goýunlaryň guzlamasy dowam edýär we hojalykda her 100 ene goýundan 110 guza çenli almak maksat edinilýär.
Hojalygyň çopanlary Hoşgeldi Nepiýew, Perhat Jumanyýazow, Babageldi Eýeberdiýew, Agajan Hydyrow ýaly tejribeli maldarlar ýokary netijeleri gazanýarlar. «Supaly» ýazlagynda işleýän Hoşgeldi we Methun Nepiýewler häzirki wagta çenli her 100 ene goýundan 108 guzy alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýagyşyň ýeterlik bolmagy netijesinde ýazky öri meýdanlarynda otlaryň bol ösmegi mallaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýär.