Tallymerjen düzlügi 2009-njy ýylda Türkmenistanyň möhüm ornitologik ýerleriniň biri hökmünde hasaba alynylandan bäri her ýyl güýzki we ýazky möwsümlerde guşlara gözegçilik işleri geçirilýär. Bu ýerde dünýä derejesinde ýitmek howpy abanýan garadepeli tekejyllyk diýilýän guşuň belli bölegi sentýabr–oktýabr aýlarynda düşläp geçýär. Türkmenistanda diňe göç döwründe duşýan bu guş Gazagystanyň düzlüklerinde we Russiýanyň serhetýaka sebitlerinde höwürtgeleýär, gyşky möwsümde bolsa Pakistanda, Hindistanda we Afrika ýurtlarynyň käbirinde bolýar. Şeýle hem Tallymerjen düzlügi sähra garaguşy, mazar garaguşy, kelguş, ütelgi, gajar ýaly Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek görnüşleriň möwsümleýin toplanýan ýeridir.
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň iş meýilnamasyna laýyklykda golaýda Tallymerjen düzlüginde guşlaryň nobatdaky güýzki sanawy geçirildi. Sanawyň netijesinde bu ýerde garadepeli tekejyllygyň 3 müňden gowragy hasaba alyndy, olaryň käbir sürülerinde 300–600-e golaý guşuň jemlenendigi ýüze çykaryldy. Munuň bilen birlikde düzlukde bürgüt, sähra garaguşy, maslykçy, sähra gulatysy, ýylançy gyrgy, gajar ýaly ýyrtyjy guşlara hem duş gelindi. Sanaw döwründe sebäpleri gözegçilikde saklamak maksady bilen süýdemdirijilerden garsak, tilki, towşan ýaly haýwanlar we möjegiň aýak yzlary hem hasaba alyndy.
Tallymerjen düzlüginde guşlaryň güýzki hasaba alnyşy geçirildi
27
Nov
