Tälimçisi çempion küştçi barada gürrüň berdi
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Jahan Rejepowa küşt boýunça aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy. Ol ýurtda şu ýaşda şeýle ýokary derejä eýe bolan az sanly küştçüleriň biridir.
Elbetde, üstünlik öz-özünden gelmeýär. Jahanyň şeýle derejelere ýetmeginde onuň ata-enesiniň, ilkinji nobatda bolsa mamasynyň hyzmaty uly bolupdy. Hawa, hut mamasy Lýuba daýza gyzy Nyýazgül Hojanazarowanyň ilkinji perzendiniň — özüniň bäş ýaşly agtygynyň ilkinji «tälimçisi» bolupdy. Lýuba Hojanazarowanyň sportuň bu görnüşinden ýörite bilimi bolmasa-da, küşt oýnuny gowy görýär we ezberlik bilen oýnaýar. Ol bu başarnygyny Jahana-da geçirdi. Zehinli gyzjagaz eýýäm alty ýaşynda hakyky ussatdan — Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiň küşt boýunça tälimçi mugallymy Zumrat Açilowadan tälim alyp ugrady. Geçen ýyllarda ol bu gadymy oýnuň inçeliklerini yhlas bilen öwrendi, ýyl-ýyldan kämilleşdi.
— Jahan sport bilen, onda-da sportuň çylşyrymly görnüşi bilen ymykly meşgullanmagy mekdepdäki okuwy bilen sazlaşykly utgaşdyrmagy-da başarýar. Dogry, ol okuw ýylynyň dowamynda dürli ýaryşlara gitmeli bolýar. Şonda okuw meýilnamasyndan biraz yza-da galýar. Ýöne Jahan ýaryşlardan dolanyp gelen dessine goşmaça okap, okuw derslerini doly özleşdirýär. Ol mekdebimiziň iň göreldeli okuwçylarynyň biri. Biz oňa guwanýar — diýip, çempionyň synp ýolbaşçysy Zamira Ergeşowa aýdýar.