«Täjir market» Türkmenabatda täze söwda nokadyny açýar
Türkmenabat şäherinde öz işini üstünlikli alyp barýan «Täjir market» şäheriň ilatyna has netijeli hyzmat etmek maksady bilen, täze söwda nokadyny açýar.
Täze nokat şäherdäki «Döwrebap» söwda-dynç alyş merkezinde işläp başlar. Şu hepdäniň ýekşenbe güni täze nokadyň açylyş dabarasynyň geçirilmegine garaşylýar. Dabara gündiz sagat 15:00-da başlanar.
Marketiň welaýat merkezindäki ilkinji nokady Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda geçen ýylyň mart aýynda açylyp, ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda ýerleşýär. Market yzygiderli arzanladyşlary we harytlaryň ýokary hili bilen şäheriň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.