BILIM

Täjigistan Respublikasyndaky Magtymguly adyndaky mekdep gurlar

 Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň «Ergeş Sultanow» daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumy gurlar.

Okuw jaýy Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna dikeldiler. Onuň türkmen hünärmenleri gurarlar. Türkmenistany Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) ilçihanasyna «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti bilen mekdebi gurmak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminamada «türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp we doganlyk täjik halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen» şeýle karara gelinendigi bellenilýär.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we mekdebiň binalar toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: