Tailandda öndürilen elektromotosikl bir zarýadlandyrmada 720 kilometr ýol geçip bilýär
Tailandyň Felo kompaniýasynyň öndüren elektromotosikli dünýäniň iň uly elektromotosikli derejesine eýe boldy.
Täze elektroulaglaryň esasy aýratynlygy bolsa, onuň bir gezek doldurylan zarýadynyň 720 kilometrden gowrak ýoly geçmäge mümkinçilik berýänligindedir. Motosikliň tizligi bolsa sagatda 200 kilometre çenlidir.
«TOOZ» diýlip atlandyrylýan bu ulaglaryň göwrümi 35 kilowat sagada deň bolan batareýalaryny 80 göterime çenli kuwwatlandyrmak üçin bary-ýogy 20 minut wagt gerek bolýar.
Şeýle hem elektromotosiklde tekeriň basyşyny kadalaşdyryjy, multimediýa enjamlaryny birleşdiriji ýörite ulgamlar we nawigator üçin noutbuk ornaşdyrylypdyr. Ulagyň elektrik batareýalaryny beýleki enjamlary kuwwatlandyrmak ýaly dürli maksatlar üçin hem ulanmak mümkindir.