DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Syýahatçylar bäş ýurda çäklendirmesiz baryp bilerler

Koronawirusyň pandemiýasy sebäpli köp ýurtlar barmak üçin ýapyldy. Ýöne syýahatçylar bäş ýurda: Albaniýa, Dominikan Respublikasyna, Tanzaniýa, Kosta-Rika we Demirgazyk Makedoniýa çäklendirmesiz baryp bilerler. Bu barada Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO-nyň) hasabatyndan belli boldy, diýip «Известия» ýazýar.
Onda fewral aýyna çenli 9 ýurduň daşary ýurtlylar üçin ýapylandygy bellenilýär. Ýene 73 ýurt bolsa araçägini bölekleýin ýapdy. Üstesine-de 70 ýurtda gelýän syýahatçylardan karantin geçmekligi ýa-da «COVID-19»-a otrisatel testiň bolmagyny talap edýärler.
UNWTO-nyň dokladynda koronawirusyň täze ştammlarynyň peýda bolmagynyň ýurtlaryň araçägini ýapmaga çenli berk çäreleri görüp başlamagyna getirendigi görkezilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply