Syýahatçy bilen duşuşyk

Apr 18, 2020

Dänew etrabynyň 6-njy orta mekdebinde belli syýahatçy, etrabyň Parahat obasynyň ýaşaýjysy Batyr Abdyllaýer bilen duşuşyk geçirildi.

TDP-niň Dänew etrap komitetiniň guramagynda «Sagdynlygyň gözbaşy sportdan başlanýar» ady bilen geçirilen çärä etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Batyr Abdyllaýew sagdyn durmuş ýörelgeleriniň adamyň beden we ruhy sagdynlygyna edýän oňyn täsiri, syýahat edişi, olaryň dowamynda Türkmenistanyň taryhy, medeni ýadygärliklerini we medeniýetini öwrenişi, adamlar bilen geçiren duşuşyklary barada gürrüň berdi.

Batyr Abdyllaýew birnäçe gezek ýörişleri gurap, 9 müň 700 kilometrden gowrak aralygy pyýadalap,  4 müň 780 kilometrden gowrak ýoly hem welosipedli geçdi. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň ähli ýerlerinde diýen ýaly boldy we şol döwürde ýurduň taryhy, medeni ýadygärliklerini we tebigatyny surata düşürdi. Duşuşyga gatnaşanlar şol suratlar goýlan sergä hem tomaşa etdiler.

Поделиться ссылкой: