Şygryýetiň soltany
Garaşsyz döwletimizde milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy ösdürmekdäki beýik işler döwrümize şan getirýär. Aýratyn bellemeli ýagdaýlaryň biri-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek ugrundaky tagallalar beýik şahyryň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň sanawyna goşulmagyna esas döretdi. Ýene-de Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiline bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Şanly ýylymyzda beýik söz ussadynyň şygyrlar toplumlarynyň we oňa bagyşlanan birnäçe neşirleriň çap edilmegi bolsa halkymyzyň medeni durmuşyny ruhy baýlyk bilen has-da gözelleşdirdi. Akyldar şahyrymyzyň pelsepewi, durmuşy, edep-terbiýe meselelerini, ýokary ahlak duýgularyny öz içine alýan şygyrlary bu gün diňe bir türkmen halkynda däl, dünýä halklarynyň ýüreginde baky orna eýe boldy. Çünki adamzady watansöýüjilige, belent adamkärçilige, mertlige çagyrmak Magtymguly atamyzyň köpugurly şygryýet dünýäsiniň düýp mazmunyny düzýär. Şahyryň doglan gününiň ýubileý ýyly mynasybetli dünýä döwletleriniň köpüsinde dürli mazmunly medeni we köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi, akyldaryň heýkelleriniň açylmagy, şygyrlarynyň dünýä dillerine terjime edilmegi Magtymguly Pyraga bolan belent sarpanyň delilidir. Biz hem meşhur söz ussadynyň ömri we döredijiligine bagyşlap kitaphanamyzda dürli mazmunly çäreleri, edebi agşamlary, ýazyjy-şahyrlar we okyjylar bilen duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Akyldaryň belent ynsanperwer taglymata ýugrulan döredijilik mirasyny öwrenmek we ony ýaşlaryň, halkyň arasynda wagyz etmek işlerini yzygiderli dowam etdireris.
Bahry Nobatowa,
Dänew etrap kitaphanasynyň Maý geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.