Her ýylyň şygary jemgyýetiň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem işleriň ugrukdyrylmagyna ruhy itergi berýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilim işgärlerini täze üstünliklere, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Bu şygar ýaşlaryň öňünde beýik maksatlary goýýar.
Bilim edaralarynda şu şygar bilen bagly döredijilik bäsleşikleri, açyk sapaklar, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürip, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrýar. Şeýle-de bu işler ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyzyň ösüşine öz goşandyny goşmak islegini güýçlendirýär.
Bilim işgärleri hökmünde biz ýaş nesliň geljekde ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmegine ynanýarys. Şu ýyl kabul edilen şygar bu ynamy has-da berkidip, hemmämizi beýik maksatlara tarap ruhlandyrýar.
Narsoltan AHMEDOWA,
Farap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.
