DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Şwarsenegger ýene Terminator bolarmy?

Arnold Şwarsenegger Terminatoryň keşbine dolanyp barmagy bilen bagly sowallara jogap berdi. Ol bu barada «The Hollywood Reporter» neşirine beren interwýusynda aýtdy.

«Kinotapgyr dowam eder, ýöne ol meniň üçin tamamlandy. Meniň pikirimçe, dünýämize Terminatordan has täsirli gahryman gerek. Kimdir biriniň bu gahrymany oýlap tapjakdygyna ynanýaryn» diýip, neşir onuň aýdanlaryny getirýär.

Şeýle hem aktýor özüne şeýle mümkinçiligiň berlendigi üçin kinotapgyry döredijilere hoşallyk bildirdi. Ol «Terminatordaky» keşbini özüne iň ýakyn keşpleriň biri hasaplaýar. Onuň pikirine görä, Teminator baradaky üç film hem täsirli boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: