YKDYSADYÝET

Süýt öndürilişinde ösüş dowam edýär

Lebap welaýatynda ýylyň ilkinji iki aýynda 65,9 müň tonna süýt öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 3,1 göterime ýetdi.
Welaýatda maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegi hem-de döwrebap fermalaryň döredilmegi süýt önümçiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Şeýle ösüş süýt önümleriniň içerki bazarda üpjünçiligini güýçlendirýär.