Süýt mäziniň howply täze döremeleri: Sebäpleri, töwekgelçilik faktorlary we goranmagyň ýollary
Soňky ýyllarda süýt mäziniň howply täze döremeleri (SMHTD) bilen keselleýänleriň sanynyň global derejede köpelmegi, bu howply keseliň ýaýramagyna garşy göreşiň has-da möhüm orna eýe bolmagyna getirdi. Ösen ýurtlarda, rak keselinden ejir çekýän aýallaryň arasynda SMHTD-iň has ýaýgynlydygy barada alada barha artýar. Mysal üçin, ABŞ-da her sekizinji aýalda süýt mäziniň howply täze döremesi ýüze çykarylýar, Fransiýada bolsa keselçilik dünýä derejesinde ilkinji orunda durýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, Fransiýada hasaba alnan çiş keselleriniň 32%-i süýt mäziniň ragy bolup durýar. Şeýle-de, alymlar 21-nji asyryň dowamynda bu kesele ýolugan aýallaryň sanynyň 1 milliondan geçjekdigini çaklaýarlar. Şuňa laýyklykda, keseliň öňüni alyş çäreleri, maglumatlandyrma işleri we saglyk goragyna gönükdirilen çäreler has möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Süýt mäziniň howply täze döremeleri (SMHTD): Näme sebäp bolar?
Süýt mäziniň ragynyň döremegine birnäçe faktor täsir edýär. Alymlar we saglyk işgärleri bu howply keseliň ýüze çykmagynda aşakdaky töwekgelçilik faktorlarynyň uly rol oýnaýandygyny belleýärler:
- Ýaş we Jyns: SMHTD esasan 40-50 ýaş aralygyndaky aýallarda has köp duş gelýär. Şeýle-de bolsa, erkekler hem bu kesele ýolugyp bilerler. Erkeklerde bu kesel 55 ýaşdan soň has ýygy duş gelýär, her 100 SMHTD näsagynyň biri erkek adam bolýar.
- Hormonal Üýtgeşmeler: Aýallarda ýüze çykýan gormonal üýtgeşmeler süýt mäzleriniň çişiniň döremegine ýardam edip biler. Ilkinji aýbaşynyň ir (12 ýaşdan öň) ýa-da giç (18 ýaşdan soň) başlamagy, aýbaşynyň 40 ýaşa çenli ýa-da 55 ýaşdan soň tamamlanmagy, çaga dogurmazlyk ýa-da göwüs süýdüniň inmezligi, hem-de ýygy abortlar bu keseliň howpuny artdyrýan esasy faktorlar bolup durýar.
- Ýaşaýyş endiklerine bagly faktorlar: Dürli durmuş ýagdaýlary, esasan-da nerw dartgynlylygy, göwüs süýdüniň az bolmagy ýa-da göwüs süýdüniň az emdirilmegi, kontraseptiw serişdeleriniň gözegçiliksiz ulanylmagy, süýt mäzleriniň şikesleri, zyýanly endikler we göwsi ulaltmak üçin ulanylýan implantlar hem bu kesele sebäp bolup biler.
Keseliň alamatlary we ony barlamak ýollary
SMHTD-iň öňüni almakda irki diagnostika aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Aýallaryň öz süýt mäzlerini el bilen yzygiderli barlap durmagy bu keseliň irki tapgyrlarynda ýüze çykmagyna kömek edip biler. Barlagyň usullary:
- Göwüsleriň görnüşini barlaň: Aýnanyň öňünde göwüsleriň daşky görnüşini gözden geçiriň. Elleriňizi ýokary galdyryp, göwüsleriň emzikleriniň ýagdaýyny hem barlaň.
- Göwüsleriň fiziki barlagy: Göwsüň üstüne el bilen basyp, onuň içinde nämedir bir gatylaşmanyň barlygyny ýa-da ýoklugyny duýmaga çalyşyň. Göwüsleriňi sagadyň diliniň ugry boýunça basyp barlamak has täsirlidir.
- Goltuk astyny barlaň: Goltugyňyzdaky limfodüwünlerini barlap görüň, gatylyk ýa-da näme bolsa-da başga bir üýtgeşmeniň bolup bolmadygyna üns beriň.
Eger göwüsde çekilme, gatylaşma, gyzarma ýa-da emziklerden suwuklygyň çykmagy ýaly alamatlar ýüze çyksa, hökmany suratda ginekolog lukmanyna ýüz tutmaly. Bu alamatlaryň käbirleri beýleki, has az howply kesellere hem degişli bolup bilýär, emma doly anyklama üçin hünärmeniň maslahaty zerurdyr.
Mammografiýa we onuň zerurlygy
Süýt mäzleriniň keselleriniň irki diagnostikasynda mammografiýa barlagy esasy orunda durýar. Aýallaryň 40 ýaşdan soň, her 2 ýyldan mammografiýa barlagyndan geçmegi zerurdyr. Mammografiýa barlagy arkaly göwüslerde kalsiniň ujypsyz mukdarda toplanan ýerleri irki tapgyrlarda ýüze çykarmak bolýar. Bu barlag, Ultra Ses Barlagy (USB) we tomografiýa barlaglaryndan tapawutlanýar, sebäbi ol keseliň irki alamatlaryny has anyk görkezip bilýär.
Sagdyn iýmitlenme we keseliň öňüni alyş çäresi
Süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň öňüni almak üçin, sagdyn iýmitlenme aýratyn ähmiýetlidir. Alymlar kelemiň gormonal ýagdaýy kadalaşdyrmaga kömek edýändigini we SMHTD-iň döremeginiň öňüni alýandygyny belleýärler. Kelemiň ýapragy, göwüsde çiş ýa-da agyry bar bolan halatynda, gijelerine goýlup, şikesiň ýa-da çişiň azalmagyna kömek edip biler. Şeýle-de, A we E witaminlerine baý iýmit önümleri zenan saglygy üçin aýratyn peýdalydyr. Iýmitde gök önümler, miweler we doýgun witaminler bolmalydyr.
Süýt mäziniň howply täze döremelerine garşy göreşde öňüni alyş çäreleri esasynda saglyga yzygiderli üns bermek, barlagdan geçmek, sagdyn iýmitlenmek we durmuşyň zyýanly endiklerinden gaça durmak esasy orunda durýar. Keseliň irki tapgyrlarynda anyklanylmagy bejerginiň netijeliligini artdyrýar. Şeýle hem, göwüs kesellerinden goranmagyň iň amatly ýoly — her ýyl ginekolog lukmanyň gözegçiliginde bolmakdyr.
Zeýnep HAMEDOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň sitolog lukmany.