Süýji keseli ýa-da süýjüli diabet endokrin ulgamynyň keseli bolup, bedende diňe bir uglewod çalşygynyň däl, eýsem, ýag we madda çalşygynyň bozulmalary bilen ganda süýjiniň mukdarynyň ýokarlanmagy netijesinde döreýär. Bu ýagdaý aşgazanasty mäziň ýeterlik mukdarda insulin gormonyny öndürmezligi ýa-da beden öýjükleriniň bu gormonyň täsirine jogap bermezligi sebäpli ýüze çykýar.
Süýji keseliniň esasynda gan damarlarynyň zeperlenmegi bilen baglylykda insult, infarkt ýaly agyr gaýraüzülmeler köp duş gelýär.
Diabetik retinopatiýa diýlip atlandyrylýan gözüň retin bardasynyň zeperlenmegi, katarakta, glaukoma ýaly göz keselleriniň döremegi netijesinde körlügiň ýüze çykmagy mümkin. Şol sebäpli hem süýji keseli bolan näsaglara ýylda bir gezek lukmanlaryň, şol sanda oftalmolog lukmanynyň barlagyndan geçmek maslahat berilýär.
Süýji keseliniň bejergisi berhiz saklamak, süýjini peseldiji dermanlary ulanmak, zähmet we dynç alyş düzgünlerini berjaý etmek, gapdallaýyn dörän keselleri öz wagtynda bejertmek ýaly çäreler toplumyny öz içine alýar.
Süýjini peseldiji dermanlar bilen bejergi ýörite geçirilen barlaglardan soň, diňe endokrinolog lukman tarapyndan bellenmelidir. Bejergi çäreleri süýji keseliniň görnüşi, näsagyň ýaşy, keseliň agyrlyk derejesi, bar bolan gaýraüzülmeler göz öňüne tutulyp bellenilýär.
Süýji keselli näsag bejeriji lukman bilen hemişe aragatnaşykda bolup, bejergi çärelerini kadaly geçirende, öz ýaşaýyş we zähmet şertlerini talabalaýyk guranda, lukman tarapyndan bellenilen bejergini we berhizi doly we dogry berjaý edende keseli gözegçilikde saklap, gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolýar.
Häzirki wagtda öý şertlerinde günde süýjiniň mukdaryny bilmegiň çalt we ýönekeý usuly glýukometrleri ulanmakdyr. Berhiz ýa-da süýjini peseldiji dermanlar bilen bejergi alýan näsaglar bejeriji lukmanyň maslahatyna laýyklykda, öý şertlerinde ganynyň düzümindäki glýukozanyň mukdaryny anyklap bilerler.
Barlaglaryň görkezişi ýaly, ganda süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklap, bu keselde duş gelýän üýtgemeleriň we gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolýar. Süýji keseliniň döremegine semizligiň, uzak dowam edýän nerw dartgynlygynyň, göwreliligiň, alnan şikesleriň, bagryň keselleriniň, ýokanç keselleriň, hirurgiki operasiýalaryň sebäp bolýanlygy subut edildi. Alkogolly içgiler, çilim çekmek hem aşgazanasty mäze, bagra zyýan ýetirmek bilen, soňundan süýji keseliniň döremegine getirip biler.
Fiziki işjeňlik süýji keseliniň döremek howpuny 28 göterim azaldýar. Süýji keseliniň öňüni almakda dänelere we süýümlere baý iýmit önümleri bilen berhiz saklamak, hozuň, ösümlik ýaglarynyň düzüminde, balykda köp mukdarda bar bolan doýgun ýaglary, ýagny omega — 3,6,9 ýaly ýaglary ulanmak maslahat berilýär. Şekerli we gazlandyrylan içgileri çäklendirip, gyzyl eti we doýgun ýagyň beýleki çeşmelerini iýmit düzümine goşmak bilen, süýji keseliniň öňüni alyp bolýar. Ýurdumyzyň ähli çäginde saglyk öýlerinde, hassahanalarda, saglyk merkezlerinde «Diabet mekdepleri» açyldy. Bu bolsa näsaglara diabet keseli barada maglumat almakda, gaýraüzülmeleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir.
Rano HEMRAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň endokrinolog lukmany.
