Ýer ýüzünde maýyplyga we ölümçilige getirýän ýürek-damar, onkologiki keseller bilen bir hatarda, süýji keseli hem uly kynçylyklara getirýändir.
Süýji keseli adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir. Bu kesel barada birinji maglumatlar b.e. öň 1550-nji ýyla degişli bolan golýazmalarda duş gelýär. Keseli bejermek üçin insulynyň ulanylmagy (1921-1922-ý.ý.) medisina ylmynyň iň uly açyşlarynyň hataryna girdi.
Insulin ulanylmazdan öň, näsaglaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 5 ýyldan köp däldi. Häzirki wagtda, öz wagtynda we kadaly geçirilýän bejerginiň kömegi esasynda näsaglaryň ömrüniň dowamlylygy sag adamlaryňkydan tapawutlanýan däldir.
Böwrekleriň işiniň bozulmagy bilen, çykarylýan peşewiň umumy mukdary köpelýär. Adam peşew edip, köp suw ýitirýänligi sebäpli, suwsap, dodaklary, agzy, bokurdagy gurap başlaýar. Bedendäki glukozanyň peşew bilen ýitirilmegi adamyň horlanmagyna getirýär. Insulinyň ýetmezçiligi ýag we belok çalşygyna hem täsir edýär.Ýaglaryň emele gelmegi azalyp, olaryň dargamagy güýçlenýär,bagryň öýjükleriniň ýag almagy bolup geçýär. Beloklaryň emele gelmegi peselýär. Bu bolsa bedeniň dokumalarynyň emele gelmegine we dikeldilmegine ýaramaz täsir
edýär.
Bu kesel nesil yzarlaýjy häsiýete eýe bolup, öten nesillerde keseliň duş gelmegi, onuň bilen kesellemek howpyny ýokarlandyrýar. SK2 görnüşi uly we gartaşan adamlarda duş gelýändir. Bu görnüşde insulina bolan talap aşgazan asty mäziň işine bagly däl ýagdaýlar bilen düşündirilýär.
Süýji keseliniň döremegine semizligiň, uzak dowam edýän nerw dartgynlylygynyň, göwreliligiň, geçirilen şikesleriň, bagryň keselleriniň, ýokanç keselleriň, hirurgiki operasiýalaryň sebäp bolýanlygy subut edildi. Alkogol içgiler hem aşgazanasty mäze, bagra zyýan ýetirmek bilen, soňundan süýji keseliniň döremegine getirip biler.
Köplenç, deriniň we deriasty ýag gatlagynyň üýtgemegi bolup geçýär. Agyr geçýän süýji keselinde ol gury bolýar, gasyn atýar, çyban ýaly iriňli dömmeler emele gelip başlaýar. Dabanda jaýryklar, kömelekler sebäpli döreýän ýaralar, eroziýalar emele gelip biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, ganda gandyň mukdaryny gözegçilikde saklap, bu keselde duş gelýän üýtgemeleriň we gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolýar.
Wagtynda bejerilmedik süýji keseli bedeniň dürli agzalaryna öz täsirini ýetirýändir. Şol sebäpden ýokarda görkezilen alamatlar ýüze çykandan endokrinolog lukmana ýüz tutmaly we keseli wagtynda anyklamaly. Bu diýildigi, başga birnäçe keselleriň öňüni almak diýmekdir. Esasy zat bolsa, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, kesel bolmazlyga çalyşmaklyk. Ömrüňizi saglyk bile bezäň we bagtyýar durmuşyň hözirini görüň!
Elnora ILMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň endokrinolog lukmany.
