Süýji düýşleri dikeldip bolar
Süýji düýşler iň gyzykly ýerinde kesilgiç bolýar. Şonda, gör, näçämiz, «Ah, ýene azajyk uklasadym» diýdik. Gün-günden ösýän tehnologiýa indi ýarysynda kesilen süýji düýşlerimizi dikeltmäge hem mümkinçilik berer. Has takygy, şeýle tehnologiýa babatynda ilkinji ädim ädildi.
Bu ädim rus alymlaryna degişlidir. Olar düýşleri ýazyp yzyna alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýany döretdiler. Onuň kömegi bilen görülýän düýşleri toparlara görä tapawutlandyryp bolar. Çaklanylyşy ýaly, bu tehnologiýany 2025-nji ýyla çenli ulanyp başlarlar.
Bu tehnologiýa adamyň düýşdäki täsirlerini gaýtadan dikeldip, ony toparlara (romantiki, ýakymly, ýakymsyz, gorkuly) bölüp biler. Ýöne onuň görlen şekilleri bolşy-bolşy ýaly janlandyryp biljekdigi hakynda entek hiç zat aýdylanok.
Kelle beýnide suratlary täzeden dikeltmek bilen bagly gözegçilikleri geçirýän «Milli tehnologiýa başlangyçlarynyň» hünärmenleri 2019-njy ýyldan bäri bu taslamanyň üstünde işleýärler. Düýşleri tanamak boýunça täze tehnologiýanyň esasynda elektroensefalografiýa we neýroulgamyň işi durýar. Haçan-da, beýni örän ýokary işjeňlikde bolanda, beýniniň tiz uky böleginde düýş görmek hadysasy peýda bolýar. Bu bölegi göz almasynyň hereketlerinden, adamyň tiz-tizden alýan deminden we ýürek urşundan kesgitlemek mümkin.
Mähri GURBANÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.