DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Suwuň astyndan buthana çykdy

«The Daily Mail» neşiriniň ýazmagyna görä, Hindistanyň Odiş ştatynda mundan 200 ýyl ozal suwuň astynda galan gadymy ybadathana ýüze çykaryldy. Has dogrusy, onuň özi suwuň ýüzüne çykdy.
Aýdylyşyna görä, 500 ýaşly ybadathana bir döwürler Mahandi derýasynyň kenarynda ýerleşýän eken. Emma XVIII asyrdaky güýçli çagbalaryň birinde derýanyň hanasy giňäp we ol akyş ugruny üýtgedip, ybadathanany «ýuwdaýypdyr».
Soňlugyça ybadathananyň anyk ýerleşen ýeri, asyl-ha, onuň barlygy hem ýerli ýaşaýjylaryň ýadyndan çykyp gidipdir. Hatda buthana Hindistanyň sungat we medeni miras guramasynyň sanawyndan hem öçürilen eken. Ýöne ýakynda derýanyň suwunyň peselmegi bilen buthananyň özünden özi ýene-de ýeriň ýüzüne çykdy.
Şeýle-de bolsa onuň esasy bölegi häzir hem suwuň astynda. Suwuň ýüzünde binanyň diňe ýokarky bölümleri görünýär. Degişli gurama bu taryhy ýadygärligi hala etmek işlerine girişdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: