Ýanwar aýynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirligi boýunça suwuklandyrylan gazyň 8,4 müň tonnasy öndürildi. Geçen ýylyň ýanwar aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 116%-e deň boldy. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň saýtynda habar berilýär.
2021-nji ýylda ýurdumyzyň gündogar sebitinden suwuklandyrylan gaz ibermeleri Özbegistana we Täjigistana amala aşyrylyp başlandy.
Naýyp we Bagaja gaz ýataklarynda suwuklandyrylan gazyň eksport möçberleri 2020-nji ýylda 95 müň tonna ýetdi. Şonda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 105%-e barabar bolupdy.

