Hasabat döwründe welaýatda 15,9 müň tonna suwuklandyrylan uglewodorod gazlary öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,5 müň tonna köp bolup, önümçiligiň möçberi 2,6 esse artdy.
Bu ýokary ösüş welaýatda gaz senagatynyň mümkinçilikleriniň giňeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ösüş ýurdumyzyň energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek we olaryň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda alnyp barylýan işleriň üstünlikli netijesidir.
Suwuklandyrylan gaz öndürilişinde ýokary ösüş
13
Mar

