BIZE YAZYARLAR

Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda dünýä siwilizasiýasynyň umumy genji-hazynasyna öz goşandyny goşan, ähmiýetli wakalary bilen mynasyp orun alan beýik milletdir. Bu keremli toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat üçin ösüşiň nusgasyny özünde jemlän, taryh üçin bolsa özboluşly ruhy we medeni mirasy ýadygär galdyran toprakdyr. Bu aýdanlarymyza mysal hökmünde ekerançylygyň ýüze çykan ýeri bolan gadymy Jeýtun medeniýetini görkezmek bolar. Suwarymly ekerançylygy we onuň kämil usullaryny döreden ata-babalarymyz ýurdumyzyň gurak howa şertlerini gowulandyrmak, mes toprakly ýerlerden bol hasyl almak we sahawatly ýaýlalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly işlerde yhlas bilen tutanýerli zähmet çekipdirler.

Halkymyzyň guýy gazmak, köpri gurmak ýaly sogaply hem asylly däpleri bar. Muňa ata-babalarymyzyň türkmen topragynda gazan guýulary, kärizleri doly şaýatlyk edýär. Garagumuň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi şol asylly däpleriň häzirki döwürde dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr. Bu iri taslama diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna we daşky gurşawyň ygtybarly goralmagyna oňyn täsir edýär. Bu bolsa obadyr şäherlerimiziň has-da gözelleşmegine, bagy-bossanlyga öwrülmegine ýardam edýär.

Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan suw tebigaty janlandyrýar, sähralarymyzy gülzarlyga hem-de bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutýan halkymyz suwuň her damjasyny altyn dänesine deňäpdir. Merdana ata-babalarymyzyň «Suw – atadyr, ýer – ene», «Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il» diýen ajaýyp nakyllary döredendigi tötänden däl. Bu ajaýyp nakyllar halkymyzyň ýaşaýşyň we berekediň gözbaşy hasaplanýan suwa bolan garaýşyny aýdyň beýan edýär.

Nuriddinowa Bägül

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: