DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Suwda ereýän gap

Ýaponiýada deňiz suwunda ýitip, ýok bolup gidýän plastik gap (paket) öndürildi. Daşky görnüşi boýunça beýleki polietilen gaplardan üýtgeşik bolmadyk täze biologik önümiň esasy çig maly hökmünde şekerçiňrik ulanylýar.
«Mitsubishi Chemical» ýapon korporasiýasynyň aýtmagyna görä, gaplaryň deňiz suwunda doly ýitip, ýok bolmagy üçin bir ýyl wagt gerek bolar.
Öndürijiler täze önümçiligiň kenarda dynç alýanlardan ýakymsyz «ýadygärlikleriň» galmazlygyna ýardam berjekdigine ynanýarlar. Häzir şeýle gaplaryň köpçülikleýin önümçiligine girişildi.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berilýän maglumatlara görä, häzir her ýylda Ýer ýüzi boýunça 300 million tonna plastik galyndy emele gelýär. Ýörite topar dünýä ummanlaryndan şeýle galyndylaryň 8 million tonnasyny çykardy. Olary deňiz haýwanlarynyň ýuwutmagy bolsa has uly global kynçylygy döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply