Suw – gymmatly baýlykdyr
Suw ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi bolup durýar. Şonuň üçin bu gymmatly baýlygy rejeli ulanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Suw serişdelerini rejeli ulanmak häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Suwuň ýetmezçiligi, heläkçilikli suw basmalary we joşgunlary, suw eroziýasy we topragyň şorlaşmagy, suwuň hapalanmagy köp halatlarda onuň tygşytsyz ulanylmagy we başarnyksyz dolandyrylmagy netijesinde döreýär.
Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Meteorologik guramasy tarapyndan geçirilen barlaglara görä, Ýer şarynyň takmynan 97,5 göterimi duzly, 2,5 göterimi bolsa süýji suwlar hasap edilýär. Bütin dünýädäki süýji suw serişdeleriniň 2,24 göterimi elýeterli däl (çuň ýerasty suwlary, polýuslardaky buzluklar we ş.m.), diňe 0,26 göterimi elýeterli süýji suw hasap edilýär. Ähli zerur harçlanmalary (önümçilik, oba hojalyk) hasaba alnanda Ýer şarynda jan başyna düşýän suwuň mukdary takmynan 1000 m3 mukdarynda we kadaly derejede takmynan 1700 m3 diýlip çak edilýär. Dünýäde adam sanynyň köpelmegi olary iýmit bilen üpjün etmek zerurlygyny hem ýüze çykarýar. Şol sebäpli hem suwarymly ekerançylyk ýerleriniň mukdary yzygiderli köpeldilmeli bolýar. Bu bolsa, süýji suwa bolan talaby has-da artdyrýar. Şol sebäpden hem häzirki wagtda dünýäde suwuň tygşytly peýdalanylmagy boýunça birnäçe işler alnyp barylýar.
Biziň güneşli Diýarymyzda hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ekerançylygy ylmy esasda ösdürmek, suwdan tygşytly peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw kadalaryny we suwy tygşytly peýdalanmagyň täze usullaryny ylmy esasda öwrenmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki döwürde suwy tygşytlamak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, kämil suwaryş ulgamlary ulanylýar. Akabalardan ekin meýdanlaryna akdyrylýan adaty suwaryş ulgamy suwuň buglaşmagyna, netijede suwuň isrip bolmagyna sebäp bolýar. Oba hojalygynda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanýan kompaniýalar damjalaýyn suwarmak ýa-da emeli bulut döretmek ýaly usullary ulanýarlar. Türkmenistanda hem bu usullar we tejribeler giňden ýaýbaňlandyrylyp, bu ugurda ýurduň hökümeti oba hojalygy pudagyna degişli goldawy berýär.
Durmuşa geçiririlýän giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde suw hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine möhüm ugur degişlidir. Bu möhüm pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar yzygiderli gurulýar. Suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösüşini, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna kömek edýär.
Şu nukdaýnazardan 2016-njy ýylda Ahal welaýatynda ekin dolanyşygyna girizilen 25 müň gektara golaý ýeri suw bilen üpjün etmäge gönükdirilen suw hojalyk toplumy ulanylmaga berildi. Ol Garagum derýasyndan suw howdanlaryna we ekerançylyk meýdanlaryna suwuň zerur möçberlerini akdyrmaga mümkinçilik berýän birnäçe gidrotehniki inženerçilik desgalary özünde jemleýär.
2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli döwürde ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň birinji tapgyry tamamlandy. Şonda Ahal welaýatynda 28 müň 164 gektar, Balkan welaýatynda 9 müň 176 gektar, Lebap welaýatynda 11 müň 362 gektar, Mary welaýatynda bolsa 9 müň 249 gektar meýdanda degişli işler ýerine ýetirildi.
Şonuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň möhüm ugurlary täze suw howdanlaryny we beýleki gidrotehniki desgalary gurmak işlerinden ybaratdyr, bu oba hojalyk meýdanlaryny suwaryş suwunyň goşmaça gorlaryny döretmäge, öri meýdanlaryny suwarmaga, ilatly ýerleri, halk hojalyk desgalaryny we ekerançyyk meýdanlaryny sil suwlaryndan goramaga niýetlenendir.
Suw pudagyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň we enjamlaryň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek, demir-beton gurnamalarynyň hem-de suw hojalyk pudagy üçin zerur beýleki gurluşyk serişdeleriniň ýeterlik möçberleriniň ýurdumyzda öndürilmegini ýola goýmak maksady bilen, anyk çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň ýokary derejede geçirilmegine, welaýatlaryň çäklerinde ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, suw howdanlarynyň hem-de akabalaryň öz wagtynda arassalanylmagyna, ýetişdirilen gök-bakja, beýleki önümleriň ýitgisiz ýygnalmagyna, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklar berildi.
Türkmenistanyň suw bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýändigini we ýurdumyzyň halkara bileleşigiň dünýä ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyny bellemek ýerliklidir. Hormatly Prezidentimiziň suw diplomatiýasy bu ähmiýetli durmuş ulgamynda diňe bir uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi däl, eýsem, milli, öňdebaryjy iş tejribeleriniň işlenip taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýär. Bu ýörelgäniň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigi şübhesizdir.
Ýeterlik suw gorlarynyň döredilmegi Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan deňi-taýy bolmadyk taslamanyň möhüm maksatlarynyň biridir. Bu köl daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirýär we sähranyň biodürlüliginiň artmagyna, kölüň çäklerinde dürli görnüşli balyklaryň köpelmegine, akabalaryň kenarlarynda tokaýlyklaryň döremegine, bu künjegiň haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna hem-de onda mesgen tutýan guşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Şeýle-de kölüň akabalary Garagum sährasynyň howasynyň ýakymlylyk derejesine oňyn täsirini ýetirýär.
Garagum sährasynyň jümmüşinde emele gelen täsin suw desgasynyň kenarynda täze obalaryň döremegi çöl ýerleriniň netijeli özleşdirilmegine, maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk hojalyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady däl, eýsem, ekologik nukdaýnazardan hem aýratyn ähmiýetlidir.
Amyderýanyň suwunyň hapalanmagynyň öňüni almak “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu giň möçberli taslamanyň tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýetlidigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň oba hem-de suw hojalygyny hil taýdan täze derejä çykarmak, sebitiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsir etmek babatda aýratyn zerurdyr.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň pikirine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň düşewüntliligi şübhesizdir. Mundan başga-da, wagtyň geçmegi bilen, onuň ykdysady bähbidi has-da artar. Çünki bu täsin gidrotehniki desganyň hereket etmegi oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli ulanmak, tebigy baýlyklary saklamak we artdyrmak wezipelerine gönükdirilen uly möçberli çykdajylaryň peselmegine ýardam berer.
Hemraýewa Aýjan Bahtiýarowna
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy