BIZE YAZYARLAR

Suw gadyryn suwsan biler

Çaga durmuşyň güli, dünýäniň bezegi. Olara berilýän bilimiň we terbiýäniň kämil bolmagy üçin bi terbiýeçiler döredijilikli zähmet çekýäris. Sapakdan daşary guralýan çärelerde körpelere milli mirasymyzyň dürdänelerini yzygiderli öwredýäris. Her damjasy tylla deňelýän suw baradaky maglumatlar hem olarda uly gyzyklanma döredýär.

Her damjasy zere deňelýän suw ýaşaýşyň gözbaşy. Suwsuz ynsan ýaşaýşyny göz öňüne getirmek kyn. Pederlerimiz suwuň bejerijilik häsiýetine ynanypdyrlar. Suw bilen baglanyşykly Orta Aziýada dörän usullar dünýäniň köp ýerlerine ýaýraýdyr.

Käbir ýerlerde kimdir biri uzak ýola gidende, myhman bilen hoşlaşylanda, gyz durmuşa çykanda yzyndan suw sepmek däbi bar. Bu yrym ýolagçylara ýollarynyň ak bolmagy dilenilip berjaý edilýär.Kükürtli suwdur deňiz suwy ysmaz keselini bejermekde ähmiýetli. Şoňa laýyklykda şeýle suwlar bedeniňi ýylmanak edýär.

Synçgylawuk tutanda dem alman ýedi owurt suw içseň, tapba kesiler.

Içine ýandak atylyp gaýnadylan suwa agzyňy çaýkasaň, sökellikden saplanmaga nepi degýär.

Gadym döwürde adam keselinden sagalsa, oňa «suw seni sagaltdy» diýlipdir.

Kimdir biri keseki ýurtda kesellese, onda öz ýurdunyň suwundan içirýärler. Ata Watanyň topragy we suwy hassanyň müňde bir derdine dermandyr. Bir zatdan gorkan adam bada-bat suw içirilýär. Oňa şeker garsaň has peýdaly. Akýan suw göreje nur berýär. Pederlerimiz ruhy taýdan näsaglan adamy derýadan geçiripdirler. Olar suwuň näsagyň ýüregine we kalbyna täsir edip biljekdigine ynanypdyrlar.

Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň şygyrlarynda, halk döredijilik eserlerinde suwaryş desgalary, suw howdanlary bilen baglanyşykly sözler duş gelýär. Bu sözler arkaly halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetini göz öňüne getirip bolýar. Emeli ýol bilen akaba gazdyryp suw  çekmek, käriz, guýy gazmak, gar, ýagyş suwlaryny ýygnap, ekin meýdanlaryny suwarmak türkmenlerde gadymdan gelýän pişedir.

Hoja Ahmet Ýasawynyň: «Pir golundan suw içgen hak nuruga batdy-ýa», Magtymguly Pyragynyň: «Suw gadyryn balyk biler» ýaly goşgy setirlerinde suwa mukaddeslik mhökmünde seredilýär. 

Adamlar suwuň başyna baranlarynda: «Essalawmaleýkim, suw aga, el-ýüzümi ýuw, aga!» diýip, suwa hormat edipdirler.

Halkymyzyň arasynda giňden suw bilen baglanyşykly «Suw getiren hem bir, suw getiren hem», «At aýlanyp gazygyny tapar, suw aýlanyp ýarygyny», «Suw akar, daş galar» ýaly nakyllar bar. Türkmen dil bilimindäki durnukly söz düzümlerinde hem ady agzalan sözüň ulanylmagy halkymyzyň bu jümlä kän ähmiýet berenligine güwä geçýär. «Suw seňrikden agmak», «Suw ýaly okamak», «Suwa salma ýençmek», «Suwuna degmek», «Agzyna suw alan ýaly bolmak», «Sesine suw sepilen ýaly bolmak» ýaly durnukly söz düzümleri halk paýhasynyň çeperçilik taýdan kämilligine güwä geçýär. dil baýlyklarynyň ösüşini yzarlamakda baý çeşme bolup hyzmat edýär.

Maýa Hudaýnazarowa,

Saýat etrabyndaky14-nji çagalar bagynyň orta toparynyň terbiýeçisi.