JEMGYÝET

Sürüjileri şahadatnama almak üçin kepilnama görkezmekden boşadarlar

2022-nji ýylyň martyndan sürüjiniň şahadatnamasyny almak we onuň möhletini uzaltmak üçin ýol hereketiniň howpsuzlygynyň döwlet inspeksiýasyna gerekli lukmançylyk kepilnamasyny görkezmegiň hökmanylygy aýrylar, diýip «Коммерсантъ» ýazýar. Bu elektron resminamany Saglygy goraýyş ministrligi Içeri işler ministrligine özi iberer. Lukmançylyk we polisiýa edaralarynyň bilelikdäki kanunçylyk taslamasyna şu kadalar girizildi. Döwlet we hususy lukmançylyk edaralary sürüjilerde ulag serişdeleri dolandyrmak bolmaýan keselleri ýüze çykaran dessine (mysal üçin, görüşi pes bolsa ýa-da serhoşlykdan ejir çekse) bu barada ýol hereketiniň howpsuzlygynyň döwlet inspeksiýasyna habar bermäge borçly. Şondan soň döwlet awtoinspeksiýasy sürüjiniň saglygyny anyklamak üçin «nobatdan daşary barlagyň» netijeleri belli bolýança, onuň sürüjilik şahadatnamasynyň hereketini wagtlaýyn togtadar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: