Sürüjilere ýatladyldy
Saýat etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri tarapyndan welaýat neşirinde ulagda uzak aralyga tutýan çyradan ýakyn aralyga tutýan çyra nähili ýagdaýda geçirmelidigi barada düşündiriş berildi.
Makalada ýazylyşy ýaly, hereket wagtynda daşky yşyk enjamlaryny peýdalanmagyň düzgünlerini berjaý etmek hem esasy talaplaryň biri bolup durýar. Uzak aralyga yşyk berýän çyradan ýakyn aralyga yşyk berýän çyra aşakdaky ýagdaýlarda geçilmelidir: ilatly ýerlerde ýol ýagtylandyrylýan bolsa, garşydan gelýäniň duşundan geçilende, ulaga azyndan 150 metr galanda, şeýle hem has uzak aralykda, eger-de garşydan gelýän ulagyň sürüjisi uzaga yşyk berýän çyradan ýakyna yşyk berýän çyra zol geçirip durmak arkaly munuň zerurdygyny görkezýän bolsa, garşydan gelýän, şonuň ýaly-da ugurdaş ulaglaryň sürüjileriniň gözleriniň gamaşmagy mümkin boljak ýagdaýlaryň öňüni almaga degişli ähli beýleki halatlarda. Sürüji gözi gamaşan mahalynda bibatlyk çyra duýdurmasyny ýakmalydyr we barýan zolagyny üýtgetmän, tizligini peseltmelidir hem-de säginmelidir.