MEDENIÝET

Suratçy «Kompozitor» üçin baýrak aldy

Moskwada, russiýaly režissýor Nikita Mihalkowyň «Ussahana 12» diýen ýerinde «Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kinobaýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasy boldy. Bu ähmiýetli waka mynasybetli ýaryşa 34 film hödürlän 17 ýurduň kinematografiýa jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemledi.
Bilermenleriň baha bermeginiň netijeleri boýunça türkmen kinoçylarynyň surata düşüren «Kompozitor» atly çeper filmi «Iň gowy suratçy» ugrunda iň gowusy diýlip ykrar edildi.
Gymmat bahaly baýrak dabaraly ýagdaýda suratçy-oýun goýujy Meýlis Hudaýberenowa gowşuryldy. Filmi döredenleriň zähmetine berlen ýokary baha geljekde işleri dowam etdirmäge we Türkmenistanyň medeni mirasynyň ösüşine goşandyny giňeltmäge ylham bolup hyzmat edýär.