Sungatyň aşygy
Öz käriňi söýmek – bu durmuşda öz ornuňy tapyp , bagtly ýaşamagyň ýollarynyň biridir. Şeýle sungata ýürek berip ýaşaýan ynsanlaryň arasynda Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde birnäçe ýyldan bäri netijeli zähmet çekýän mugallymlar Zarina Ýusupowany (alt,skripka) we Dilarom Işankulyýewany (fortepiano) mysal getirsek ýalňyşmarys.
Mugallymlar ýaş neslimize dogry we dürs düşünje bermekde, sungata bolan söýgüni döretmek we ösdürmek ugrundaky işleriň görnüşlerine uly yhlas bilen ýapyşýarlar.
Muňa mysal bolup mugallymlaryň bilelikdäki geçiren synp konserti bolup biler. Konserte dürli synpdaky okuwçylar gatnaşyp, öz başarnygyny, ýerine ýetirijilik derejesini görkezdiler. Konsertiň meýilnamasy dürli žanrdaky eserlerden, ýagny barokko, klasissizm , romantizm akymlarynyň kompozitorlarynyň döredijiliginden düzülipdir. Okuwçylar ýekelikde ýerine ýetirmekden daşary ählisi goşulyp skripkaçylar topary bolup köpsesli eserleri ýerine ýetirdiler. Konsertiň aýratyn belemeli taraplarynyň biri mugallymlaryň özleriniň hem çykyş etmegidir, bu bolsa olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny we öz mysaly bilen okuwçylaryna sahna edebini görkezmegidir. Konsertiň dowamynda ähli okuwçylara mugallym D.Işankulyýewa sazandarlyk edip, ýerine ýetirilýän eserleriň ýokary derejede ýaňlanmagyna ýardam etdi.
Mugallymlara geljekde-de döredijilik üstünliklerini arzuwlap, dabaranyň soňunda mekdebiň direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary Gunça Gapbarowa söz sözledi.