Bagşy-sazandalarymyzyň siňdiren zähmeti netijesinde nusgawy şahyrlarymyzyň ajaýyp eserleri hiç mahal öçmejek, ynsan kalbynyň ýüreginde baky orun alan halk aýdymlaryna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň halk aýdymlaryna öwrülen dürdäne setirleri indi ençeme asyrdan bäri nesilden-nesle geçip, adamzadyň kalbyny sagdyn terbiýelemegiň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär. Bagşy-sazandalarymyz kalbynda möwç alýan duýgularyny gursagynda gaýnadyp, şirin owaz bilen daşyna çykaryp, öz muşdaklaryny jadylamagy başarypdyrlar.
Dogry, ynsanyň ruhy dünýäleriniň jebisleşmegine getirýän halk aýdymlarynda üýtgeşik jady bar. Ol jady dürli ýurtlardan, dürli milletlerden bolan adamlary hem özüne imrikdiripdir. Ýürekden çykýan hakyky aýdym-sazlar elmydama dürli halkyň arasynda medeni gatnaşygy, dostlugy pugtalandyrmaga hemaýat beripdir. Çünki dürli milletiň dilinde ussatlyk bilen ýaňlanýan aýdym-sazlar diňleýjä öz täsirini ýetirip bilýär. Şu ýerde biz türkmeniň aýdym-saz sungatyny ebedileşdirmekde ägirt uly iş bitiren Wiktor Aleksandrowiç Uspenskini agzaman geçip bilmeris. 1917-nji ýylda W.A.Uspenskini Sank-Peterburgdaky konserwatoriýanyň çeperçilik geňeşi gündogar halk aýdymlaryny ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen Orta Aziýa ylmy sapara iberýär. Alym Türkmenistanyň Mary, Tagtabazar, Sarahs, Görogly, Boldumsaz, Esenguly, Magtymguly, Bereket etraplarynda bolýar. Türkmeniň şirin mukamy bu ynsany özüne bendi edýär. Ol bagşy-sazandalaryň döredijiligini gyzyl tapan deý, uly söýgi siňdirip, yhlas bilen öwrenýär. Özüniň ylmy iş saparynda alym Sary bagşynyň öýünde myhman bolýar. Sary bagşyny uzak ýollary söküp gelen hortaň, keselbent rus alymynyň gyşyň içinde ýadamany bilmän birin-birin halk aýdym-sazlaryny bagşy-sazandalaryň dilinden kagyzyň ýüzüne geçirip durşy haýran galdyrýar. Şonda ömrüni sungata bagş eden alym Sary bagşa jeýle jogap beripdir. “Siziň sazyňyza ýewropaly adam birbada düşünmez, çünki onuň gulagynyň ganan sazynyň gurluşy-da, owazy-da, çalnyşy-da üýtgeşik. Ýöne ol bir söý bilen türkmen sazynyň jadysyna uçraýsa welin, ony ömürboýy söýmän durup bilmez. Siziň sazyňyzda ynsan ykbalynyň jadyly ýaňlanýan, özüne imrindiriji owazy bar”.1 Hormatly Prezidentimiz adamzadyň ylham-joşgunyndan dörän iň bir nepis hem arzyly sungat babatynda şeýle belleýär: “Türkmen halkynyň asyrlaryň içinden geçirilip gelnen aýdymlary, mukamlary we gahrymançylykly eserleri medeniýetiň altyn hazynasyny düzüp, milletiň ruhy-ahlak baýlygyna uly goşant bolup durýar. Türkmen sazyny diňläniňde, ondan ünsüňi sowup bileňok. Onuň özüne çekiji gözelligi we şireli öwüşgini hiç kimi biparh goýmaýar. Halk sazy özüne bendi edýär, hyýaly arzuw-islegleriň dünýäsine alyp gidýär. Bu bolsa diňe biziň beýik sungatymyza, türkmen halkynyň söýgüli we iň giň ýaýran saz guraly bolan dutara mahsusdyr”.2
W.A.Uspenskiniň Türkmenistana eden sazly-etnografik ekspedisiýasynyň netijesinde bagşylardan, sazandalardan, dana gojalardan 350-den gowrak aýdym-saz nusgalary toplanypdyr. Şeýle-de alym “Görogly” şadessanyndan, “Leýli-Mežnun”,“Saýatly-Hemra”,“Hüýrlukga-Hemra”, “Şasenem-Garyp” dessanlaryndan onlarça şygyr bentlerini ýazga geçiripdir. Alym XVIII, XIX, XX asyryň başlaryna çenli ýaşap geçen görnükli bagşy-sazandalar bilen duşuşyp, olardan gyzyla barabar dürdäne hazynany toplap, “Türkmen sazy” atly meşhur kitabyny döredýär. Türkmen halkynyň baý mirasyny ebedileşdirmekde siňdirilen zähmeti üçin 1929-njy ýylda W.A.Uspenskiý “Türkmenistanyň halk artisti” diýen ada mynasyp bolýar.
Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezow, Türkmenistanyň halk artisti, görnükli bagşy hem kompozitor Sahy Jepbarow ýaly ömrüni aýdym-saza örklän ynsanlar hem halk mukamlarynyň asyrlar boýy timarlanyp gelen baý çeşmelerine daýanyp, türkmeniň aýdym-saz hazynasyna baky giren aýdymdyr sazlary döretdiler. Olaryň döreden eserlerinde halkyň ýüreginde baky ýer tutunan ajaýyp, şypa beriji heňleri, örän baý, lezzetli milli öwüşginleri bar. Ussatlyga ýetmek üçin ähli häsiýetleri özünde jemlän meşhur Sahy Jepbarow uly ýerine ýetirijilik hem döredijilik ýoluny geçip, kämillige ýetdi.
Ynsanyň ýürek urgysynyň owazy hasaplanylýan halk aýdymlarynyň jadyly, özüne bendi ediji güýji ýüregi telwasly zenanlarymyzyň hem garşylykly düşünjeleriň döreden kynçylyklaryna hötde gelip, eline goşa taryny alyp näzik, bilbil owazlary bilen halkyň göwnünden turmagyna getiripdir. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň “Aýal bagşy” poemasynda Hallygözeliň, zehinli kinorežissýor Alty Garlyýewiň “Mukamyň syry” kinofilminde Karkaranyň durmuş ýoly Lebap topragynda geçipdir. Jany-teni bilen aýdym-saza berlen bagşy zenanlar XIX-asyryň ortalarynda ýaşap geçipdirler. Lebaply bagşy zenan Karkara takmynan 1854-nji ýylda dünýä inýär. 76-ýaşynda aradan çykan zenan bagşy mahmal owazly sesi bilen halkyň ýüreginde uly söýgä eýe bolupdyr.
1912-nji ýylda Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda dogulan Jumagül bagşynyň ýakymly, belent owazy diňleýjisini özüne bendi edipdir. 38-ýaşynyň içinde dünýäden öten bagşy zenanyň ady-owazasy, ömrüniň juda gysgalygyna seretmezden alyslara ýaýrap, halkyň hakydasynda hemişelik galypdyr.
Zenan bagşylaryň sanawyna giren Akjagül Myradowa, Nurjemal Abdyýewa, Nabat Nurmuhammedowa, A.Alyýewa, E.Annamyradowa, H.Ataýewa, Sülgün Meretgeldiýewa dagylar öz döwründe bolşy ýaly, häzirki döwürde hem uly hormatyň eýeleri hasaplanýarlar. Hawa,asyrlaryň dowamynda ruhy ýadygärlikleriň ajaýyp nusgalaryny döreden bagşy-sazandalaryň ençeme nesilleri halk döredijiliginiň baý hazynasyny bir-birlerine miras galdyrmak bilen biziň günlerimize ýetirdiler.
1 Aýdym-saz we estetiki terbiýe. S.Rejebow. 1994ý, sah-14.
2 Gurbanguly Berdimuhamedow “Ile döwlet geler bolsa..” .Aşgabat-2015, sah-38.
Humaý DÖWRANOWA,
Lebap welaýat ýörite sunagat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.

