Sungatda adamlary hem halklary birleşdirýän, parahat, abadan geljegi gurmaga ruhlandyrýan, jebisleşdirýän, beýik başlangyçlary ýaýbaňlandyrmaga, wagyz etmäge giň mümkinçilik berýän täsin güýç bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Ynsan hakdaky iň belent oý-pikirler, aýdyň taglymatlar halkyň söz we saz mülkünde orun alypdyr. Şonuň üçinem sözüň täsirinde gudrat, sazyň täsirinde jady bar» diýlip bellenilýär. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsi, durmuş-ýaşaýyş baradaky pelsepeleri siňen milli aýdym-saz sungaty bu gün döwrebap äheňler bilen baýlaşyp, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyryşyň mukamy bolup ýaňlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmeniň mukamlaryna, aýdym-saz medeniýetine siňip, nesillerden-nesillere geçip gelýän milli ýörelgelerimiz ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynda, halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda hem öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda halkymyzyň parahat ýaşaýyş bilen bagly garaýyşlaryny durmuşa geçirmekde sungatyň ähmiýetine üns çekilýär. Bu kitapda türkmen halkynyň parahat durmuşa bolan söýgüsiniň saz sungatynyň üsti bilen durmuşa geçirilişi öz beýanyny tapýar. Kitapda taryh sahypalarynyň öňe çykaran Oguz han, Baýram han, Şükür bagşy ýaly beýik şahsyýetlerimiz barada gymmatly maglumatlar beýan edilip, olarda türkmen halkynyň parahatçylyk pelsepesi, saz-söhbetiň güýji bilen, abadan, parahat durmuşy gorap saklamak ýaly asylly maksatlar şöhlelenýär.
Şükür bagşy saz ýaryşynda ýeňiş gazanmak bilen, saza daýanyp, sungata gol berip, dartgynly meseläni ýaragyň däl-de, dutaryň güýji bilen çözüp, parahatçylyk ilçisine öwrülen türkmen sazandasydyr. Şükür bagşynyň adalatyň dabaralanmasynyň hatyrasyna eden aýgytly hereketleri nesillere ýadygär galdy. Gahryman Arkadagymyz ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda düşürilen kinofilmi ilkinji gezek çaga wagty görendigini, onuň özüne uly täsir edip, ondaky wakalaryň ýüreginde mydamalyk galandygyny aýdyp, sazyň syryna aň ýetirjek bolup, bu ajaýyp kinofilmi köp gezek görendigini beýan edýär. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz oňa şu kitabyny bagyşlap, bu ideýanyň sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdigini öňe sürýär.
Bu gün baky Bitarap Watanymyzda parahatçylygyň, dostlugyň, doganlygyň türkmen nusgasy hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar. Medeniýet-sungat işgärleri hem dürli medeni çärelere işjeň gatnaşyp, öz döredijilikleri bilen goşant goşýarlar, şu sungat ýörelgesi bilen ýaşlary terbiýeleýärler. Goý, türkmeniň parahatçylyk sazy dünýä ýaň salsyn!
Mahfira JORAÝEWA,
Köýtendag etrap çagalar sungat mekdebiniň çeň hünäriniň mugallymy.
