BIZE YAZYARLAR

Sungat ojagynda uly dabara

“Çaga eziz terbiýesi ondan hem eziz”- diýlişi ýaly indiki nesili bilimli, ylymly, ruhubelent, sungaty söýüji, gözýetimi giň ýaşlar edip terbiýelemekde Köýtendag etrap çagalar sungat mekdebiniň halypalarynyň hem irginsiz zähmedi hakynda aýdyp geçesim gelýär. Şu ýyl mekdebiň açylanyna tegelek 40 ýyl dolýar. Bu 40-ýylyň dowamynda ençeme uçurymlar, öz saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşip bu günki günde sungatyň ussatlary bolup ýetişdiler. Häzirki wagtda bolsa halypa mugallymlar bilen olaryň öz şägirtleri agzybirlikde egindeş bolup bilelikde zähmet çekýärler.
1986-njy ýylyň 10-nji oktýbrynda merkezi medeniýet bölüminiň we ýerli häkimýediň tagallasy bilen açylan mekdepde bary-ýogy dört mugallym, 4 hünär ugry boýunça sapak berilip başlanýar. Şondan bäri mekdebiň iş tejribesiniň gün saýyn kämilleşmegi netijesinde mekdepde okadylýan hünärleriň sany 11-e ýetdi. Mekdebiň ilkinji sütünlerinden bolan halypa mugallym Çary Jepbarow, häzirki döwürde hem öz baý tejribesini şägirtleri bilen paýlaşyp, öz şägirtlerine görelde mekdebi bolup nusgalyk zähmet ýoluny dowam etdirip gelýär. Bu bolsa mekdebimizde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn orun berilýändigine şaýatlyk edýär.
Milli aýdym-sazlarymyzdan ylham alýan zehinli ýaşlaryň kalplarynda belent joşgun bar. Şol joşgundan döreýän aýdymdyr saz eserleri bilen ýaşlarymyz özleriniň ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezip halypa mugallymlaryna mynasyp şägirtlik ýoluny dowam etdirip gelýärler. Sungat ojagymyzda çagalaryň hünärlerini kämilleşdirmek, höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilýän çärelerimiziň oňyn netijelere beslenýändigini buýsanç bilen belläsim gelýär. Her güni goşa-goşadan toydur-baýramlara beslenýän ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaşlarymyzyň arasynda şanly baýramçylyklar mynasybetli bäsleşikleri we hasabat konsertleri yzygiderli geçirilip durulýar. Biziň sungat mekdebimizde türkmeniň gadymy saz gurallaryny öwretmeklige hem uly ähmiýet berilýär. Çeňçiler we halk saz gurallary orkestri, hor, skripkaçylar ýaly başga-da birnäçe toparlarymyz welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän çärelerde yzygiderli üstünlikli çykyş edýärler.
Eziz Diýarymyzda sungatymyzyň hak howandary, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň irginsiz edýän uly aladalary netijesinde medeniýetimizi ösdürmek babatynda asyrlara barabar uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa her bir sungat işgärleriniň öz kärine bolan höwesini ýokarlandyryp, has-da oňa bolan jogapkärçiligini artdyrýar. Geljekde-de kärdeşlerimiz bilen jebislikde täzeden-täze aýdym-sazlary döredip, toý-baýramlarymyza mynasyp sowgatlarymyz bilen baryp, medeniýetimiziň, sungatymyzyň mundan beýläkde gülläp özmegine öz goşandymyzy goşjakdygymyza uly buýsanç bilen berk ynandyryp, sözümiň soňunda öz ýürek buýsançlarymy şu goşgy setirlerimiň üsti bilen jemläsim gelýär:

Behişdi bedewler-ylhama ganat,
Watanymyz barýar ýagty ertire.
Türkmen sungatyna uludyr hormat,
Şöhrat bolsun beýik, baky döwüre!

Dutar owazynda atlaryň sesi,
Heňlere siňipdir toýuň şatlygy.
Köňül arzuw eýläp ýetendir bu gün.
Bedew batly at-myratly Watany!
                                                                                    ( M.Şukurow)

Maral IMAMKULOWA,
Köýtendag etrap Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.