Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
“Milli gymmatlyklar, medeniýet, sungat halklaryň biri – birine ýürekleriniň açylmagydyr”
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly Baştutanlygynda bellenilýän milli toý – baýramlarymyzda däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize eýerilmegi, milletimiziň milli aýratynlyklarynyň, özboluşlylygynyň beýanyny düzýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek işlerine aýratyn üns berilýär, şeýle hem türkmen halkymyzyň baý mirasyna, medeniýetine, edebiýatyna, sungatyna ägirt uly goşant goşan şahyrdyr-ýazyjylarymyzyň, kompozitorlaryň, alymlarymyzyň mirasyny öwrenmäge giň mümkinçililer döredilýär.
Bu ajaýyp döwrüň galkynan sungatynyň bagtyýar wekilleri bolan ýaşlar täze döredýän we ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynda ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri, döwletimiziň äleme meşhurlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny we eşretli durmuşyny mynasyp wasp
etmegiň ussatlarydyr.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Akyýewa Gülşat Rozygulyýewnanyň gurnamagynda mekdebiň “Umumy fortepiano” bölüminiň talyplarynyň hasabat konserti geçirildi. Konsertde Lusenko Irina, Joraýewa Mähri, Arslanowa Aziza, Jumageldiýewa Oguljahan, Huddyýewa Salamat, Bakiýewa Nasiba, Ilowa Ajap, Han Tatýana mugallymlaryň talyplary çykyş etdiler.
Konsertiň başynda “Hor dirižorlygy” bölüminiň 1-nji ýyl talyby Jumaýewa Gülnar Albert Leşgornyň Etýud eseri bilen çykyş etdi. Soňra ýene-de şol bölümiň 1-nji ýyl talyby Pirkuliýewa Selbi Nury Halmämmedowyň “Tekepbir geçi we oglajyk” eserini ýerine
ýetirdi.(Mugallym Arslanowa A.). Konsertiň dowamynda mekdebiň “Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň” ikinji ýyl talyplary Baýjanow Joşgun Gurban Çaryýewiň “Elegiýa” atly liriki eserini (Mugallym Joraýewa M.), Açilowa Maral Durdy Nuryýew “Skerso” we Dmitriý
Kabalewskiý “Etýud”, Serdarowa Leýli Çary Nurymowyň “Gyzlar tansy” eserlerini konserte gatnaşyjylara ýetirdiler (Mugallym Lusenko I.), Amanow Didar Robert Şumanyň “Esger marşy” eserini(Mugallym Jumageldiýewa O.), “hor dirižorlygy” bölüminiň ikinji ýyl talyby
Artykjanowa Madina “Döwranyň başdan geçirmeleri” atly kino filmden “Döwranyň aýdymyny” ýerine ýetirdiler. Bu talyplar kompozitorlaryň stil aýratynlyklaryny duýup, sazlaryň ussatlarça ýerine ýetirilmegi konsert dabarasyny bezedi we konserte uly öwüşgin çaýdy.
Konserdiň dowamynda mekdebiň uçurumlary hem özleriniň çykyşlaryny tomaşaçylara ýetirdiler. Olar “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Alymow Soltan , Azat Soltaniýazowyň “Tans” eserini ýerine ýetirdiler (Mugallym Bakiýewa N.) bu eser tomaşaçylarda örän täsir galdyrdy. “Saz mugallymçylygy” bölüminiň 4-nji ýyl talyby
Nurýagdyýewa Maýa barokko stiline degişli 16-njy asyryň görnükli kompozitory Iogan Sebastýan Bahyň “Inwensiýa F-dur” hem-de Nury Halmammedow “Elegiýa” eserlerini ýerine ýetirdi. Soňra konserti mekdebiň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň üçünji ýyl talyplary Hasanowa Aziza, Çary Nurymowyň “Gara geýnüwli gyzlaryň tansy” atly eserini(Mugallym Joraýewa M.), Seýitkulyýew Akjemal görnükli romantik kompozitory Frederik Şopeniň 12-nji Etýudyny ownuk tehnikalary görkezip, kompozitoryň stil aýratynlygyny duýup çalmany başardy.
“ Umumy fortepiano” bölüminiň beren hasabat konsertinde ýerine ýetirilen saz eserleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady, talyplaryň joşgunly çykyşlarynyň, nepis owazlanmasy diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Nasiba BAKIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň fortepiano bölüminiň
mugallymy.