Lebap welaýatynyň Çärjew etrap çagalar sungat mekdebinde “Horyň dirižory” mugallymlarynyň amaly maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplarynyň çagalar sungat mekdeplerinden we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda horyň çylşyrymly tilsimleri: sapagyň gidişi, çaga sesiniň goýuluşy, çaga sesiniň ösüşi, ritmiki kynçylyklar, zynjyr şekilli dem alyş usullary, repertuar saýlap almak ýaly gyzykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Seminara gatnaşan mugallymlar görkezme sapaklar bilen: Çärjew etrap çagalar sungat mekdebinden A.Berdiýew, Dänew etrap çagalar sungat mekdebinden M.Joraýewa, Türkmenabat şäher №2 çagalar sungat mekdebinden M.Nazarowa, welaýat çagalar sungat mekdebinden J.Taşowa, ýörite sungat mekdebinden A.Kurbanowa, I.Lusenko we Türkmenistanyň at gazanan işgäri D.Sahatow çykyş etdiler. Türkmenistanyň medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen 2020-nji ýylyň maýynda geçiriljek hor toparlarynyň bäsleşiginiň döwlet tapgyryna welaýatyň ähli çagalar sungat mekdepleri ykjam taýýarlyk görýänlikleri barada hem belläp geçdiler.

      J.Taşowa,

Lebap welaýat çagalar sungat mekdeiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: