BIZE YAZYARLAR

“SUNGAT KÖPRÜSI”

Ýene säher bilen süňňümi sökdi,
Bir birinden gözel mukam-u-
gazal.
Göýä adym tutup, gapymy kakdy,
“Eý! Dünýä çyk!” diýip elimden
çekdi
Nury bilen Gurbannazar,
Nury bilen Gurbannazar
Annaberdi Agabaýew

Türkmeniň beýik kompozitory Nury Halmämmedow özüniň gysga ömründe türkmen sungatyna soňuna ýetip bolmajak miras galdyrdy. Onuň her bir eseri kalbymyzda ýaşaýar we indiki nesliň kalbynda ýaşamagy hem dowam eder.
Kompozitor öz döredijiliginde dürli žanrlara ýüzlenýär. Simfoniýa, kamera-intrumental, wokal, wokal-simfoniki eserleri, opera , balet şeýle-de kino sazlary onuň döredijiliginde uly orun tutýar.
Döredijilik sungat adamlarynyň arasyndaky dostluk köprüsidir. Şeýle ägirt köprüleriň biri hem Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar Ezizowyň dostluk gatnaşygyny baglaýandyr. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew şeýle belleýär: “ Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar Ezizowyň ýegre dostlugynda sähelçe bolsa-da meniň paýym bardy, ýagny olary tanyşdyran mendim. Men Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar Ezizowy, onda-da olaryň çuňňurlygydyr gerimi, şeýle ýakyn döredijilik älemlerini biri-birinden aýra göz öňüme getirip bilemok.”
Türkmenistanda giňden tanalýan suratçy Alikper Guseýnow bu iki ynsanyň dostlugy barada: “ Nuryny ýatlasam biygtyýar Gurbannazar-da hakydama dolýar. Ýuka ýüreklilikde olaryň ikisem birmeňzeşdi. Ýitileriň ählisiniň göwni näzik bolýar öýdýän. Ýöne men muňa ejizlik diýip düşünemok. Zehinler her bir ýagdaýy ötgür kabul edensoňlar, sähelçe zat olara uly täsir edip, ynjydyp bilýärdi ” diýip tolgundyryjy duýgularyny setirlere geçirýär.
Tebigat ynsanlary içki duýgulary bilen birmeňzeş ýaradýan bolmaga çemeli. Sazyň ussady Nury Halmämmedow, söz ussady Gurbannazar Ezizow, bize galan maglumatlara ser aýlasak bular gaýtalanmajak goşa zehin bolup görünýär.
Nury Halmämmedow şahyryň sözlerine birnäçe romanslary döredýär. Döredilen romanslar çuň mana, oý-pikire eýedir: “Şahyr ýüregi”, “Uçuň durnalar”(Gülsoltan Halmämmedowa bagyşlanan), “Gahrymanlaryň ýadigärligine” atly poema, “Esger ýüregi” , “Türkmen sahrasy”, “Dostlaryma”……..
Nury Halmämmedowyň ajaýyp sazlary her bir ynsanda uly täsir galdyrýar. Döwürdeş şahyrlarynyň kompozitora bagyşlap goşgy setirlerini ýazmadygy az bolsa gerek. Gurbannazar Ezizow, Allaýar Çüriýew, Annaberdi Agabaýew, Hudaýguly Allamyradow….
Gurbannazar Ezizow (kompozitora bagyşlanan goşgusyndan bölek)
Ýeri saçyň ýolup aglajakmy sen,
Ümdüziňe tutdyrjakmy ýa-da sen,
Bar ýazanlaň oňat goşga taýynlyk
Bolýanlygna düşünmekden ýadasaň.
“Kompozitoryň türkmen saz sungadyna goşan goşandy iňňän uludyr. Onuň döredijilik mirasy bakylyga ymtylýan üýtgeşik, baý ruhy dünýädir. Nury Halmämmedowyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň bir bölegi bolmak bilen munuň özi geçmişi, häzirki döwri we geljegi özara baglaýan uly ruhy güýçdir.”
1938-nji ýylda Daýna obasynda dünýä inen meşgur kompozitoryň döredijiligi ýaş neslimiz üçin uly mekdep bolup durýar. Onuň eserlerini diňläp, öwrenip, gudratly sazyň täsiri astynda ýene bir täze eser döredilýär. Kompozitoryň döredijiligi ýaş kompozitorlara uly mirasdyr, mukaddeslikdir we halypadyr. Onuň eserleri ajaýyp binalarymyzda dowamly ýaňlanýar. Goý bu jadyly sazyň ynsanlar kalbynda baky ýaşamagy dowamat – dowam bolsun!

Humaý DÖWRANOWA,

Lebap welaýat ýörite sunagat mekdebiniň 
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.