Milli medeniýetimiz we sungatymyz türkmen halkynyň köňül baýlygyny, asyrlar boýy kemala getiren ruhy gymmatlyklaryny we taryhy ýoluny özünde jemleýän iň gymmatly hazynadyr. Saz gurallarynyň owazy, bagşylaryň ýürege ýakymly sesleri ynsan kalbyny galkyndyryp, ony belent-belent maksatlara ruhlandyrýar. Ýüreklere ylham goşýan professional sungatymyzyň esasy ojagy bolsa, ýaş zehinleriň bu inçe hünäriň syrlaryny, tilsimlerini öwredýän sungat we saz mekdepleridir. Medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik işleri elmydama döwletimiziň galkynyşyny we ata Watanymyzyň gözel künjeklerini wasp etmeklige gönükdirlendir.
Ýakynda Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň döredijilik topary Aşgabat şäheriniň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Aşgabat” seýilgähinde guralan aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde uly ruhubelentlik we buýsanç bilen çykyş etdiler. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen her bir çykyşda gülleýän topragymyz, şan-şöhrata beslenýän bagtyýar zamanamyz we gül diýarymyz bolan Türkmenistan uly joşgun bilen wasp edildi.
Mundan başga-da, bu döredijilik topary “Ýaşlyk” telewideniýesinde hem ýörite baýramçylyk çykyşyny ýazgy etdirdiler. Sungat ojagynda ýaşlara bilim berýän mugallymlaryň özleriniň şeýle belent sahnada we döwlet derejesindäki telewideniýede ussatlyk görkezmegi, ýaş zehinler üçin görelde mekdebi boldy.

Ak mermerli paýtagtymyzyň dabaraly baýramy-Aşgabat güni mynasybetli guralan bu çäreler Lebap welaýatynyň sungat ussatlarynyň gözel şäherimize bolan çäksiz söýgüsiniň we hormatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary, mukamlary Aşgabadyň baýramçylyk şatlygyna aýratyn bir öwüşgin we joşgun goşdy. Ýürekleri bendi eden saz gurallarynyň owazy parahatçylygyň we gözelligiň şäheri bolan paýtagtymyzyň belent sepgitlerini dabaralandyrdy.
Beýik sungatymyzyň belent sahnada dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Almagül JUMAGELDIÝEWA,
Kerki etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň
“Bagşy” hünäriniň mugallymy.


