MEDENIÝET

Suhanberdi Orazberdiýew lebaply diňleýjilere hoşallyk bildirdi

Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew lebaply diňleýjilerine hoşallyk bildirdi.
Ýakynda ol Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow bilen bilelikde Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda konsrt bilen çykyş etdi. Konsertden soň welaýat
neşiriniň habarçysyna beren interwýusynda ol lebaply muşdaklara hoşallyk bildirdi.
«Gadymy Lebap topragynyň myhmansöýer, aýdym-saza aşyk şahandaz halky bar. Konsertiň üstünlikli geçmegi aýdymçylar bilen birlikde tomaşaçylara hem bagly. Men çykyşlarymyzy şowhunly garşylandyklary üçin bu ýere ýygnanan aýdym-saz muşdaklaryna köp sagbolsun aýdýaryn» diýip, aýdymçynyň sözleri welaýat neşiriniň täze sanynda getirilýär.