Sugunlaryň we keýikleriň sany köpelýär

Oct 24, 2020

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda toýnakly haýwanlaryň sanawyny geçirmek işi tamamlandy. Iki aýa çeken işleriň netijesinde bu ýerde sugunlaryň 120-den, keýikleriň bolsa 90-dan gowragynyň bardygy anyklanyldy.
Geçirilen sanaw goraghananyň hünärmenleriniň alyp barýan işleriniň ýerine düşýändigini görkezdi. Bu ýerde, tebigatyň ajaýyp gözellikleriniň goýnunda ýaşaýan sugunlardyr keýikleriň sany ozalkysyndan ep-esli köpelipdir. Goraghananyň hünärmenleri täze doglan owlaklaryň endigan ösmegi hem gerek bolan ähli tagallalary edýärler. Olaryň birnäçesi goraghananyň ýatakhanasynda idedilýär. Şol bir wagtda goraghanada haýwanlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, köpeldilýän keýikleri gan çalyşmak maksady bilen ýurdumyzyň beýleki goraghanalaryna ugratmak işleri hem yzygiderli geçirilýär.

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: