«Türkmen gündogary» gazetiniň ýazmagyna görä, türkmen hususyýetçileri şu ýylyň başyndan bäri süýt we süýt önümleriniň 255 tonnadan gowragyny, süýji-kökeleriň 409, şöhlat önümleriniň 281 tonnasyny, çörek we çörek önümleriniň 935 tonnadan gowragyny ilata hödürlediler.
Şeýle hem telekeçileriň öndüren ýumurtgalarynyň sany 8 million 144 müň sanydan geçýär. Alkogolsyz içgileriň önümçiligine hem hususyýetçiler uly goşant goşýarlar. Olaryň möçberi 728 müň dekalitrden gowrakdyr. «STT» hususy kärhanasy tarapyndan şu ýyl nahar duzunyň 373 tonnasy öndürildi.