TÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu ýyl Türkmenistanda 3 million düýp bag ekiler

7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti
Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda saýaly, pürli, miweli
baglaryň we üzümiň, şol sanda:
— ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň
häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;
— welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek
tabşyryldy.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri miweli baglaryň, üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: