JEMGYÝET

Şu ýyl Türkmenistanda 3 million agaç ekiler

2023-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada Karara gol çekdi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şu ýylyň baharynda dürli baglaryň we üzümiň 1,5 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Ýylyň dowamynda jemi 3 million agaç oturdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: